“YLYM-BAGTYŇ ÇYRAGY”
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowam edýän günlerinde 12.06.2026-njy ýylda ýurdumyzda her ýylda giňden bellenilýän “Ylymlar güni” mynasybetli Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ylmy maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Aýnagül Berdigylyjowa dagylar hem gatnaşdy. Gatnaşan myhmanlaryň ählisi ylymda gazanan üstünlikleri, alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüňleri beýan etdiler. Döwletimiziň ösüşine goşant goşjak ylmy işleriň netijesi boýunça mundan beýlägem üstünlikleriň hemra bolmagy arzuw edildi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyp, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, ylmyň, bilimiň ösüşine giň mümkinçilikleri döredip berýän Alym Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

