Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Türkmen milli saz gurallary

Baş sahypa/Hünärler/Türkmen milli saz gurallary
Okuw möhleti: 4 ýyl
Türkmen milli saz gurallary

        Türkmen   milli saz gurallary bölümi sazçylyk mekdebiniň açylany bäri resmi ýagdaýda bolup  işe girişip başlady.

    Türkmen milli saz gurallary bölüminde dutar, gyjak, baglama, saz gurallary   boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti  3 ýyl 10 aýdan ybarat.

tm-milli1.JPG    Hünäri boýunça döwletimiziň çagalar aýdym-saz    toparlaryndaetrap, şäher, welaýat medeniýet edaralaryndaçagalar sazçylyk, sungat  mekdeplerinde, aýdym-saz döredijilik toparlarynda, sungat we bilim  ulgamynda medeni dynç-alyş edaralarynda we ýurdumyzyň   medeni-köpçülik  çärelerini guramakbagşa sazandarlyk etmek, orkestr toparynyň  ýolbaşçysy we dirižýory, sazandasy, ýekelikde  ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek üçin   taýýarlanylýar.

tm-milli2.JPG    Bölümiň uçurymlaryna orkestriň artisti, orkestriň ýolbaşçysy, çagalar  sazçylyk,sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär.Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra çagalar sazçylyk, sungat we umumy bilim berýän mekdeplerinde   gurnalýan aýdym-saz döredijilik toparlarynda, Medeniýet ulgamyna degişli bolan edaralarynda   hereket edýän milli saz gurallary orkestrlerinde we ansambllarynda işlemek, ýurdumyzyň   medeni-köpçülik   çärelerini guramak, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek hukugy berilýär.