Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Fortepiano

Okuw möhleti: 4 ýyl
Fortepiano

    Fortepiano hünäriniň mekdebiň açylan ilkinji gününden bäri hereket edip gelýär. Fortepiano hünärinde dersleriň arabaglanyşygy, fortepiano saz   guraly hakynda maglumatlary, opera   klawirleri, simfoniki partituralary, kamera-instrumental, wokal   eserleri ýerine ýetirmegi  we transport etmegi öwrenýärler. Dürli ýerine ýetirijilik meselelerden baş alyp çykarmaklygy, saz eseriniň çeperçilik häsiýetlerine özbaşdak   obýektiw baha bermekligi, saz sowady bilen bir hatarda nota boýunça ýüzugra   okamagy, elleriniň tehnikasy ösdürmekligi, ansambl bolup, yokary derejeli sazanda, artist, fortepiano saz guralynda ýerine ýetiriji,   ýekelikde we dürli saz gurallar, dürli sesli aýdymçylardan düzülen ansambllar we  toparlar bilen ýerine ýetirmek  endiklerini ele alýarlar.Bu bölümiň uçurymlary okuwy tamamlanlaryndan soň  konsertmeýster, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär.

    Fortepiano hünäri boýunça hünärmenler etrap,  şäher, welaýat orta hünär okuw mekdeplerinde, çagalar sazçylyk, sungat we  umumy bilim berýän orta mekdeplerde, we mekdebe çenli çagalar baglaryna saz mugallymy bolup   işlemek hukugy berilýär, aýdym-saz toparlarynda sazanda, akkompaniator, konsertmeýster hökmünde işlemek üçin, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek  üçin taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti  3 ýyl 10 aý.