Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Müdimi senadyr ene hüwdüsi”

Baş sahypa/Täzelikler/ “Müdimi senadyr ene hüwdüsi”
11 Sen 2026 13 gezek görüldi
 “Müdimi senadyr ene hüwdüsi”

 “Müdimi senadyr ene hüwdüsi”

20.08.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde şäher derejesinde, 24.08.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Türkmeniň “Ak öýi” binasynda welaýat derejesinde hem-de 11.09.2026-njy ýylda Aşgabat şäherinde Döwlet derejesinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan geçirilen “Müdimi senadyr ene hüwdüsi” atly bäsleşikde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Anna Haýdarowa I orna mynasyp boldy.

Bäsleşik “Ýaşlyk”, “Miras” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edilip, 29.08.2026-njy ýylda sagat 14:30-da, 08.09.2026-njy ýylda sagat 19:00-da, 09.09.2026-njy ýylda sagat 11:00-da, 12.09.2026-njy ýylda “Watan” habarlar gepleşiginde sagat 21:00-da, 15.09.2026-njy ýylda sagat 17:00-da görkezildi.

Ilkinji gezek geçirilen bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda gatnaşyjylar öz şahsy ukyplaryny açyp görkezdiler. Türkmenistanyň mährem zenanlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşik eneleriň hüwdi owazlarynyň has-da belent ýaňlanyp, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge mümkinçilik döretdi.

Ähli bäsleşige gatnaşyjylar türkmen zenanlaryny Berkarar döwletiň mertebe tuguna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.