Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz”

Baş sahypa/Täzelikler/ “Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz”
10 Sen 2026 11 gezek görüldi
 “Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz”

 “Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz durnukly we batly gadamlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. 10.09.2026-njy ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden “Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda guralan bu çäre aýratyn gyzykly, dabaraly we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guramaçylykly geçirildi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa hekaýa ýazmak ugry boýunça Baş baýraga eýe boldy. Diýarymyzyň bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda geçirilen bu bäsleşik mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde dabaraly geçirildi. Sylaglamak dabarasynyň dowamynda bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňijiler öz çykyşlarynda döredijilik dünýäsine berýän uly goldawlary we giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sözlerini, çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.