Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň millilik taglymatlary” atly aýdym-sazly tegelek stol gepleşigi

Baş sahypa/Täzelikler/ “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň millilik taglymatlary” atly aýdym-sazly tegelek stol gepleşigi
16 Sen 2026 15 gezek görüldi
 “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň millilik taglymatlary” atly aýdym-sazly tegelek stol gepleşigi

 “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň millilik taglymatlary” atly aýdym-sazly tegelek stol gepleşigi

16.09.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde “Türkmeniň Ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 324-nji buýrugy esasynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň millilik taglymatlary” atly aýdym-sazly tegelek stol gepleşigi geçirildi.

Altyn asyr” teleýaýlymyna ýazgy edilen dabarany Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Umyt Gurbanow alyp bardy. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Annagül Balkanowanyň çykyşy, mekdebiň aýdymçylar, döredijilik, orkestr toparlarynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly alkyşlar beýan edildi.