Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Bedew batly Türkmenistan” atly döredijilik eserleriniň Sergisi

Baş sahypa/Täzelikler/ “Bedew batly Türkmenistan” atly döredijilik eserleriniň Sergisi
16 Sen 2026 19 gezek görüldi
 “Bedew batly Türkmenistan” atly döredijilik eserleriniň Sergisi

 “Bedew batly Türkmenistan” atly döredijilik eserleriniň Sergisi

16.09.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 324-nji buýrugy esasynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Bedew batly Türkmenistan” atly döredijilik eserleriniň Sergisi gurnaldy.

Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edilen dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Ahmet Gurbangeldiýewiň, Gülsenem Bazaganowanyň, talyp ýaşlardan Aýlar Arnageldiýewanyň, Züleýha Meredowanyň interwýulary, talyplaryň muzeýe gezelençleri dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk”, “Dizaýn”, “Heýkeltaraşlyk” bölümleriniň mugallymdyr talyplarynyň ýerine ýetiren surat, heýkel eserlerinde bedewleriň sungata siňen keşbi janlandyryldy.

Çykyşlarda taryhy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly alkyşlar beýan edildi.