Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Ýaşlyk joşguny”

Baş sahypa/Täzelikler/“Ýaşlyk joşguny”
25 Apr 2026 76 gezek görüldi
“Ýaşlyk joşguny”

 “Ýaşlyk joşguny”

23-25.04.2026-njy ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan ýörite sazçylyk, sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2026-njy ýylda tamamlaýan uçurymlaryň arasynda yglan edilen “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşigi hem-de “Açyk gapylar” güni geçirildi. Açylyş dabaralaryň ýokary derejede gurnalmagy bilen bäsleşigiň ilkinji tapgyry dürli hünärler boýunça öz işini dowam etdi. 24.04.2026-njy ýylda konserwatoriýanyň “Açyk gapylar” gününiň çäklerinde bäsleşige gatnaşyjylar bilen dürli hünärler boýunça Ussatlyk sapaklary we Okuw-usuly maslahatlary geçirildi. Olardan Türkmenistanyň halk artisti, “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň dosenti Orazgül Annamyradowanyň hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň fortepiano hünäri boýunça, Türkmenistanyň halk artisti, “Dirižýorlyk” kafedrasynyň dosenti Gurbanmyrat Babaýewiň Ussatlyk sapagy, Türkmenistanyň at gazanan artisti, “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy Çarymyrat Ahunowyň Ussatlyk sapagy, Türkmenistanyň at gazanan artisti, “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Omar Igamowyň Ussatlyk sapagy, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň dosenti Berdiniýaz Rejepmedowyň hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym Muhammetçary Annamyradowyň Ussatlyk sapagy, “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Baýmyrat Gutlymyradowyň, Türkmenistanyň halk artisti, “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň uly mugallymy Daňatar Hydyrowyň, “Ýekelikde aýdym aýtmak” kafedrasynyň dosenti Ýuriý Sarkisowyň, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy, Şemşat Annagylyjowanyň hem-de “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Güçmyrat Gurbandurdyýewiň, Türkmenistanyň halk artisti, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Hojaýewanyň hem-de Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Kerwen Ýowbasarowyň Ussatlyk sapaklary ýokary derejede täsir galdyryjy duýgulary hem-de mugallymlara kämillik ýolunyň täze bir şahasyny döretdi.

25.04.2026-njy ýylda 2026-njy ýylda tamamlaýan uçurymlaryň arasynda yglan edilen “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşiginiň II tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň netijesine laýyklykda, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň talyplary Güljemal Ataýewa, Rahym Taýlyýew, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň talyby Kamila Ziýadzade dagylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan Hormat haty bilen sylaglandylar. “Hor dirižýorlygy” bölüminiň talyby Gülsuwa Döwletowa III orna, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyby Täzegül Agoýliýewa III orna, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyplary Nuraly Ezizow II orna, Gurbangeldi Nurgeldiýew I orna mynasyp boldular.

Dabaralaryň ahyrynda geçirilen jemleýji konsertde ýaňlanan aýdym-sazlarda medeni diplomatiýanyň dünýäde dabaralanmagyna, talyp ýaşlaryň sungatyny, öz şahsy ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklige giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi hakyndaky buýsançly alkyşlar belent owaz bolup ýaňlandy.





Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy,

KA-nyň işjeň agzasy Bibihajar Ödekowa