Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Döwlet ders bäsleşigi

Baş sahypa/Täzelikler/Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Döwlet ders bäsleşigi
01 Maý 2026 115 gezek görüldi
Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň  talyplarynyň arasynda geçirilen Döwlet ders bäsleşigi

30.04.-01.05.2026-njy ýylda Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 29.04.2026-njy ýyldaky №170 belgili buýruk esasynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn görnüşinde “Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary”, “Türkmenistanyň taryhy”, “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary”, “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak”, “Iňlis dili”, “Rus dili”, “Sanly ykdysadyýet” okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Annagül Balkanowanyň, Taganguly Taýçaýewiň, Aýgül Osmanowanyň taýýarlan talyplary gatnaşdylar.

Bäsleşik örän çekeleşikli dowam edip, talyp ýaşlar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan soragnamalara test arkaly kompýuterde onlaýn arkaly gatnaşdylar.

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowanyň taýýarlan talyplaryndan “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyby Soltan MämiýewaTürkmenistanyň taryhy” dersinden III orna;

Dizaýn” bölüminiň II ýyl talyby Merjen Garajaýewa “Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary” dersinden III orna;

Dizaýn” bölüminiň I ýyl talyby Tawus Ataýewa “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersinden II orna mynasyp boldular.

Geçirilen bäsleşik talyp ýaşlaryň ylmyň dürli ugurlary boýunça şahsy ukyplaryny açyp görkezmekligine giň mümkinçilikleri döretdi. Bäsleşigiň ahyrynda talyp ýaşlar ylmyň ösüşleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.