Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Türkmen bedewi-milli sungatyň ganatly guwanjy!”

Baş sahypa/Täzelikler/“Türkmen bedewi-milli sungatyň ganatly guwanjy!”
03 Apr 2026 16 gezek görüldi
“Türkmen bedewi-milli sungatyň ganatly guwanjy!”

 “Türkmen bedewi-milli sungatyň ganatly guwanjy!”

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowam edýän günlerinde 03.04.2026-njy ýylda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Nakgaşçylyk”, “Heýkeltaraşlyk” bölümleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmen bedewi-milli sungatyň ganatly guwanjy!” atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bolan “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Gadamy batly bedew” atly dürdäne kitaplaryndan ruhlanyp, halkymyzyň milli gymmatlygy bolan türkmen bedewleriniň ajaýyplygyny, syratlylygyny hem-de ýyndamlygyny, ýeten belent sepgitli şan-şöhratyny ussatlyk derejede wasp edip, talabalaýyk ölçegde surat eserlerini çekip, atyň heýkelini ýasadylar.

Çekeleşikli dowam eden bäsleşigiň netijesine laýyklykda, “Heýkeltaraşlyk” ugry boýunça I orna “Heýkeltaraşlyk” bölüminiň III ýyl talyby Rahym Akyýew, II orna şol bölümiň talyby Gadyr Kerimow, “Nakgaşçylyk” ugry boýunça I orna “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Züleýha Meredowa, II orunlara “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Abadan Satlykgylyjowa hem-de “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyby Aýgül Baýramowa, III orunlara “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyplary Soltan Mämiýewa, Annatäç Mämmedowa hem-de “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Ogulgerek Baýramgeldiýewa dagylar mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.