Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

SUNGAT USSATLARYNYŇ ŞIRIN OWAZLARY

Baş sahypa/Täzelikler/SUNGAT USSATLARYNYŇ ŞIRIN OWAZLARY
22 Iýun 2026 61 gezek görüldi
SUNGAT USSATLARYNYŇ ŞIRIN OWAZLARY

SUNGAT USSATLARYNYŇ ŞIRIN OWAZLARY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda rowaçlyklara beslenýän ýylda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi şatlyk-şowhunly dabaralara beslenip geçirildi. Gözel tebigaty, gadymy taryhy-medeni ýadygärlikleri we özboluşly gymmatlyklary bilen maýyl edýän ýurdumyzyň günbatar sebiti şanly ýylyň tomsunda däp-dessurlaryň ösüş-özgerişler bilen duşuşýan mekany hökmünde geçmiş bilen geljegi baglanyşdyrýar. Bu ýere eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinden sungat ussatlarynyň jemlenip, ýaş zehinleriň, sungat ussatlarynyň çykyş etmegi, döredijilik bäsleşikleriniň guralmagy medeniýet ulgamyndaky ösüşlere täzeçe itergi berýär. Bu dabaralaryň çäklerinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň zehinli talyplary we tejribeli mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan konsertler hem tomaşaçylara hakyky sungat baýramçylygynyň ruhuny eçilýär.

Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli konsert meýilnamasy baý mazmuna eýe bolup, onda milli sungatymyzyň dürli öwüşginleri öz beýanyny tapdy. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan 25-nji iýunda Balkanabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçiler medeniýet köşgünde guralan aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konsertine ýokary ruhubelentlik mahsus boldy. Konsert «Jan Watan Türkmenistan» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen dabaraly açyldy.

Nury Halmämmedowyň «Haýrana galar», «Duran ýerlere» we «Bagyşlama» ýaly eserleri, şeýle-de Rejep Rejepowyň «Armanym» atly eseri orkestrlerdir ansambllar tarapyndan ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Bagşyçylyk sungaty bölüminiň mugallymlarynyň «Aýdyşyk aýdymy» hem-de wokal bölüminiň talyplarynyň ýerine ýetiren «Eziz Watan», «Halyçy gelin», «Deňiz guşum» ýaly aýdymlary halkymyzyň ruhy dünýäsiniň köpöwüşgünliligini açyp görkezdi. «Bahar», «Halk hazynasy» tanslary konsertiň medeni maksatnamasyny baýlaşdyryp, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Asylly däbe görä, «Küştdepdi» tansy medeni çäräniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

26-njy iýunda Balkanabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçiler medeniýet köşgünde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanylyp geçirilen «Pähim-paýhas ummany — Magtymguly Pyragy» atly aýdym-sazly dabara hem Medeniýet hepdeliginiň iň ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Bu çärede şahyryň goşgularyna döredilen eserler täze öwüşginler bilen ýaňlandy. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Äleme belgilidir», «Ýüzüňden», «Gözüm düşdi» ýaly eserler dabara gatnaşyjylary sungat äleminiň çuňluklaryna alyp gidip, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň wokal bölüminiň mugallymy Gülhanym Araznyýazowanyň we zehinli talyplar Hally Babaýewiň, Abdylrakyp Tagangylyjowyň ýerine ýetiren çykyşlary kamera orkestriniň joşgunly sazlary bilen utgaşyp, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. «Näme sen», «Näbilsin» ýaly eserler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köňüllere ylham, kalplara ganat berýän güýjüni ýene bir gezek subut etdi. Beýik şahyryň «Türkmen binasy» diýen şygryna ýerine ýetirilen aýdym konserti belent heňde jemledi.

Uly ruhubelentlige beslenen çärelerde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyňdyr talyplarynyň dabaraly konsertlerde ýerine ýetiren çykyşlary diňe bir Medeniýet hepdeliginiň şüweleňini artdyrman, eýsem, ýaş nesilleri milli mirasymyzy içgin öwrenmäge, gorap saklamaga we has-da kämilleşdirmäge ruhlandyrýan belent heňli sena bolup ýaňlandy. Milli medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.