Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Miniatýura sungatynda älem”

Baş sahypa/Täzelikler/ “Miniatýura sungatynda älem”
06 Iýul 2026 87 gezek görüldi
 “Miniatýura sungatynda älem”

 “Miniatýura sungatynda älem”

06.03.2026-njy ýylda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ajaýyp pursatlara beslenýän günlerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde “Miniatýura sungatynda älem” atly Halkara Sergi gurnaldy. Bu Sergä türkmen miniatýura suratkeşleriniň eserleri ilkinji gezek gatnaşdy.

Halkara derejesindäki Sergide Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň mugallymy Röwşen Çopanowyň “Toý tansy” atly miniatýura eseri emin agzalary tarapyndan ýokary baha mynasyp bolup, Şanhaýyň sungat muzeýiniň öz Sergi galereýasyna alnyp, sanawyna goşuldy.

Şanhaý Sergisiniň açylyş dabarasynda bu eserdäki gahrymanlaryň hereketdäki animasiýasy işlenip, halk köpçüligine ýetirildi.

Sylagly diploma mynasyp bolan Röwşen Çopanowyň sungatymyzy äleme ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksiz.

Surat