Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
“Konserwatoriýada myhmançylykda”
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan beýik işler we maksatlar şöhlelenýär. Sungatyň sarpalanýan zamanasynda medeniýet ulgamynyň ösmegi, ýaş zehinleriň ýüze çykmagy, aýdym-sazly dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýokary derejeli konsert geçirildi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hor toparynyň, Kamera orkestriniň hem-de Saz mugallymçylygy, Hor dirižýorlygy, Aýdym aýtmak sungaty-wokal, Kirişli we Üflenip, kakylyp çalynýan saz gurallary bölümleriniň mugallymlary Arazmyrat Myradowyň, Akgül Ataýewanyň, Gülhanym Araznyýazowanyň, Şasoltan Nyýazdurdyýewanyň, Merdan Nobatgeldiýewiň talyplarynyň “Konserwatoriýada myhmançylykda” atly konsertde ýerine ýetiren çykyşlary örän täsirli boldy.
Konsertde Hor toparynyň ýolbaşçysy Akgül Ataýewanyň taýýarlamagynda “Соловушка”, “Серенада” hor aýdymlary, konsertmeýster Aýbölek Gurbanmämmedowanyň sazandarlyk etmeginde “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň III ýyl talyby Resul Meretmämmedowyň ýerine ýetirmeginde “Immer Kleiner” atly Adolf Şreýneriň döreden sazyny, şol bölümiň II ýyl talyby Halmyrat Gylyjowyň ýerine ýetirmeginde “Blýuz” atly Maýkl Manganiniň döreden sazyny, Halmyrat Gylyjow bilen Kamila Ziýadzadeniň ýerine ýetirmeginde “Obliwion” atly Astor Piazzollanyň döreden sazyny, hünär mugallymy Merdan Nobatgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde “Ary buggisy” atly Jek Finanyň döreden sazyny, şol bölümiň III ýyl talyby Bägül Akyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Adios Nonino” atly Astor Piazzollanyň döreden sazyny, Moskwa şäheriniň N.Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly IX halkara festiwal-bäsleşiginiň laureaty Aýlar Arnageldiýewanyň ýerine ýetirmeginde “Bal maskarad” operasyndan “Oskaryň ariýasy” atly Juzeppe Werdiniň döreden aýdym-sazyny, Durdy Nuryýewiň sazyna “Gunça” sazly-komediýadan “Gunçaň aýdymy”, Kirişli kwartet solist Merjen Meredowanyň Skripka üçin “Konsert G-Moll” op.4” atly Antonio Wiwaldiniň döreden sazyny, Kamera orkestriniň “Galop Şukura” (Şüküriň gelşi) sazyny, Kamera orkestriniň Nury Halmämmedowyň döreden “Haýrana galar” sazyny, Kamera orkestri bilen hor toparynyň Moskwa şäheriniň N.Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly V halkara festiwal-bäsleşiginiň laureaty Gülhanym Araznyýazowanyň hem-de Aýdym aýtmak sungaty-wokal bölüminiň IV ýyl talyby Allabedi Mededowyň ýerine ýetirmeginde “Bal maskarad” operasyndan “La traviata” operasyndan “Brindisi” atly Juzeppe Werdiniň döreden aýdym-sazyny, ýene-de şol ýerine ýetirilişde “Funiculi- Funicula” atly Luigi Denzanyň sazyna, Peppino Turkonyň sözlerine döredilen aýdymy, Hor we kamera orkestriniň Hudaýnazar Amangeldiýewiň sazyna, Rejepguly Amangeldiýewiň sözlerine döredilen “Balkanym” atly aýdym-sazlary tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Konsertiň dowamynda bu günki çykyşlara tomaşa eden halypalar Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Kamera orkestriniň we Hor toparynyň çykyşlaryna ýokary baha berildi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew hem öz gezeginde bu aýdylanlaryň üstüni ýetirip, şular ýaly konsertleri geçirmegiň indi asylly däbe öwrülendigini, bu babatda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserwatoriýa bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, geçirilýän her bir dabaralara, konsertlere, ylmy-amaly maslahatlara, onlaýn konferensiýalara işjeň gatnaşýandyklaryny aýratyn bellemegiň zerurdygyny aýdyp, öz adyndan hem-de ähli konserwatoriýanyň adyndan mekdebiň direktoryna hem-de ähli mugallymlaryna, talyplaryna minnetdarlyk bildirdi we köp sagbolsunlaryny aýtdy.
Konsertiň ahyrynda dabara gatnaşyjylar medeniýetiň, sungatyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

