“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”
ýylynyň Hasabat konserti”
19.05.2026-njy ýylda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowam edýän günlerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Ýaht” klubunda Hazar deňziniň kenarynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň agzybirliginde “Türkmen owazy” teleýaýlymyna Hasabat konserti ýazgy edildi. Konsertde Hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Ahmetberdi Mededowyň sözlerine, Omar Igamowyň sazlaryna döredilen “Jan Watanym Türkmenistan” atly Alkyşnama, Magtymguly Pyragynyň sözlerine, baýramdurdy Hudaýgulyýewiň sazlaryna “Türkmeniň” akapellasy, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Gülhanym Araznyýazowanyň ýerine ýetirmeginde A.Gurbanowyň sözlerine, Rejep Rejepowyň sazlaryna “Saňa” aýdymy, mekdebiň Halk saz gurallary orkestri bilen bilelikde Allaýar Çüriýewiň sözlerine, Döwletmmämmet Ökdrirowyň sazlaryna “Deňiz guşum” aýdymy, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň talyby Abdylrakyp Tagangylyjowyň ýerine ýetirmeginde Gurbannazar Ezizowyň sözlerine, Daňatar Hydyrowyň sazlaryna “Şadyýan gün” atly aýdymy, gyzlar ansamblyndan Mähri Allakowanyň ýolbaşçylygynda Atamyrat Atabaýewiň sözlerine, Daýançmyrat Hangeldiýewiň sazlaryna “Watan” aýdymy, Bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Ahmetberdi Mededowyň sözlerine we sazlaryna döredilen “Bedew batly at-myradyň mekany Türkmenistan”, “Alkyşnama”, “Çalsana bagşy” atly aýdymlary, Amangeldi Durdyýewiň ýolbaşçylygynda Dutarçylar ansamblynyň ýerine ýetirmeginde Türkmen halk sazlaryndan “Ýylgaýlar”, “At çapan” sazlary, Halk saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde Aman Agajykowyň salaryna döredilen “Giriş” sazy, Kamera orkestriniň Hor topary bilen Rejepguly Amangeldiýewiň sözlerine, Hudaýberdi Amangeldiýewiň sazlaryna döredilen “Balkanym” aýdymy, Kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen “Haýrana galar” eseri, Kirişli kwartetiň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň “Aýgytly ädim” kinofilminden “Aýnanyň aýdymy”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary ansamblynyň ýerine ýetiren Rejep Rejepowyň sazlaryna “Armanym” sazy ýaňlandy. Mekdebiň “Bagtyýarlyk” tans toparynyň “Bahar” tansy, “Halyçy gelin”, “Bibijan”, “Halk hazynasy”, “Küştdepdi” tanslary konserte özboluşly öwüşgin çaýdy.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisi medeniýetimizi, sungatymyzy dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

