Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”

Baş sahypa/Täzelikler/ “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”
01 Sen 2026 6 gezek görüldi
 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”

 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde 01.09.2026-njy ýylda 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly dabara geçirildi. Döwlet Senasy ýaňlanandan soňra, mekdebiň direktory Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilim işgärlerine, mekdep okuwçylaryna hem-de talyp ýaşlara iberen Gutlag hatyny okap berdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 1 ýyl talyby bolmak bagty miýesser eden talyplar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Döwlet Baýdagyna togap edilip, mekdebiň 1 ýyl talyplaryna Talyp şahadatnamalary gowşuryldy.

Soňra mekdebiň mejlisler zalynda jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 10/7381 belgili buýrugy esasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni, 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýen at bilen ilkinji okuw sapagyny geçdi.

Dabaranyň we ilkinji okuw sapagynyň ahyrynda ähli mugallymlar we talyp ýaşlar ylym-bilim, medeniýet ulgamyny kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.