Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Bütindünýä Saglyk güni-döwrümiziň şan-şöhraty”

Baş sahypa/Täzelikler/“Bütindünýä Saglyk güni-döwrümiziň şan-şöhraty”
02 Apr 2026 40 gezek görüldi
“Bütindünýä Saglyk güni-döwrümiziň şan-şöhraty”

01.04.2026-njy ýylda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ajaýyp günlerinde her ýylda däbe öwrülen “Bütindünýä Saglyk güni” mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançada Sport maşklaryny ýerine ýetirmek dabarasy, 02.04.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada “Bütindünýä Saglyk güni-döwrümiziň şan-şöhraty” ady bilen, şeýle hem 03.04.2026-njy ýylda Balkanabat şäherindäki Köpugurly sport toplumynyň  öňündäki meýdançada “Sagdyn ýaşlar geljegimizdir” atly aýdym-sazly sport çäreleri geçirildi.

    Dabaralara Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezip, maşklary ýerine ýetirip, sportda gazanylýan üstünlikleri, ýeňişleri, sagdyn ruhda ýaşamagyň buýsançlaryny wasp edýän aýdym-sazlary bilen öz mynasyp goşandyny goşdular.

    Ähli dabaralara gatnaşyjylar sagdyn ruhda ýaşamagyň beýik nusgasyny görkezýän, sportuň at-abraýyny arşa galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.