“Bereketli türkmen saçagy”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda toý-dabaralar uly buýsançly wakalara beslenýär. Golaýda “Türkmeniň Ak öýi” binasynda “Bereketli türkmen saçagy” atly bäsleşigi geçirildi. Bereketli saçaklaryň bezelýän pursatlarynda, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän myhmansöýerlik we bereket däplerini görkezmäge çalşyldy. Saçagyň bereketi –kalbyň bereketi. Şoňa görä-de, tagamlaryň diňe bir tagamly bolmagyna däl, eýsem olaryň milli we estetika taýdan göze gelüwli bolmagyna üns berildi. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, saçak medeniýetini şeýle gözel ýaryşyň üsti bilen dabaralandyrmak uly buýsanç. Bu ýerde diňe bir bäsleşik däl, eýsem tejribe alyşmak we milli mirasymyza bolan söýgini görkezmek mümkinçiligi bar.
Bäsleşikde mekdebiň adyndan Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň kitaphana müdiri, Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Saparbibi Rahymowa interwýu berdi.
Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň netijesine laýyklykda, Balkan welaýat Baş bilim müdirligi Baş baýraga, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi hem-de Balkan welaýat Saglygy goraýyş ulgamy I orna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersiteti II orna, Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebi, Balkan Lukmançylyk okuw mekdebi hem-de Türkmennebit döwlet konserniniň Ilkinji Zenanlar guramasy tarapyndan taýýarlanan toparlar III orna mynasyp boldular.
Ähli gatnaşyjylar bedew batly Diýarymyzda bereketli saçaklaryň bolçulygynda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

