“ARŞYŇ NEPISLIGI-TÜRKMEN HALYSY”
16.05.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde “Altyn nur” toý dabaralar merkezinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen halysynyň baýramçylygy” mynasybetli aýdym-sazly, söhbetli konsert geçirildi. Dabaranyň dowamynda mekdebiň döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary, mugallymlardan mekdebiň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowanyň, “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowanyň, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymy Mähri Allakowanyň, talyp ýaşlardan “Nakgaşçylyk” bölüminiň I ýyl talyby Sadap Agöýliýewanyň, “Fortepiano” bölüminiň II ýyl talyby Gülkamar Hakyjanowanyň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalarynyň ýürek buýsançlary “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edildi. Mekdebiň “Aýdymçylar”, “Hor”, “Bagşylar”, “Sazandalar”, “Orkestr”, “Bagtyýarlyk” tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda janly rowaýata öwrülip, türkmen zenanlarynyň el gudratyndan dörän milli gymmatlyklarymyzdan halyçylyk sungatyna bolan beýik hormatyň buýsançly owazlary belentden ýaňlandy.
“Türkmen halysynyň baýramçylygy” mynasybetli aýdym-sazly, söhbetli dabara gatnaşyjylaryň ählisi milli gymmatlyklarymyzy dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

