“Arkadagly Serdar gadamy bilen, ýaýyldy jahana buşluk habary”
16.04.2026-njy ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadagly Serdar gadamy bilen, ýaýyldy jahana buşluk habary” ady bilen brifing maslahaty geçirildi. Ýazgyny Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa alyp bardy. “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen maslahatda 08.04.2026-njy ýylda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamy bilen Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüniň tutulyş dabarasynyň, 10.04.2026-njy ýylda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş açylyş dabarasynyň, şeýle hem 08.04.2026-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna bolan iş saparynyň taryhy aýratynlyklary, şol saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Energetika we howa boýunça halkara Wena Forumyna gatnaşmagy hakyndaky buýsançly gürrüňler edildi. Dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenleri hem-de işjeň agzalary çykyş etdiler. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada talyp ýaşlar döwletimiziň syýasy wakalaryna buýsanç bilen ýürek joşgunlaryny beýan etdiler.
Brifing maslahatynyň ahyrynda gatnaşyjylar bedew batly ajaýyp döwürde ýaşamaga, zähmet çekmäge, ylym-bilim almaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

