Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

WATAN WASPY

02 Mart 2026 20 gezek görüldi
WATAN WASPY

MUGALLYMLAR GAZETI

2026-njy ýylyň 2-nji marty | No: 17 (10459) | DUŞENBE



                                                                                WATAN WASPY

Bitaraplyk baky bagta binýatdyr,

Parahatlyk saýlan ýoluňdyr, Watan!

Goýnuňda ýazylan taryh zerbapdyr,

Dünýä şugla saçýan nuruňdyr, Watan!


Garaşsyzlyk — kalba ganat, galkynyş,

Jebis halka döwlet bermiş, ýalkamyş,

Beýik işler bilen ýurtda özgeriş,

Mesgenim, mertebäm, barymdyr Watan!


Halk ykbalyn alyp arka — gerdene,

Ýaşamagyň özem belent mertebe,

Ýaşlaryň dogmundan nurly erteler,

Mert nesiller şöhrat-şanyňdyr, Watan!


Parahatlyk — dünýä içre ýaýdygyň,

Agzybirli — baş şygaryň, aýdymyň,

Bagty buşlap parlar ýaşyl Baýdagyň,

Ajap mekan seniň törüňdir, Watan!


Ýaňlanyp dur dost-doganlyk owazy,

Sowulmaz döwrany, bahary-ýazy,

Namalar aýdylsyn, çalynsyn sazy,

Şatlykly, şowhunly toýlaryň, Watan!


Läle HOJAGURBANOWA,

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.