Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler hem üstünliklere beslenýär. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we guramaçylyk binýady pugtalanýar, medeni aň-bilim işiniň mazmuny, görnüşleri, usullary gitdigiçe kämilleşýär. Medeniýetiň, sungatyň kämilligi halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň belentligi bolup, olaryň ösdürilmegi taryhymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň, mirasymyzyň galkynmagyna getirýär. Täze taryhy döwürde aýdym-saz, teatr, kino, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň döredýän eserlerinde halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşy wasp edilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar. Halkymyzyň geçmişine, medeni mirasyna uly hormat goýup, olary aýawly saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak, has-da baýlaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler oňat netije berýär. Bu bolsa halkymyzyň ruhy baýlyklaryna buýsanjyny artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Ajaýyp zamanamyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy gülledip ösdürmekde uly işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.
Gurban RAHMANOW,
Baklkanwelatýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy

