Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

«GELSE NOWRUZ ÄLEME, REŇ KYLAR JAHAN PEYDA»

Baş sahypa/Makalalar/«GELSE NOWRUZ ÄLEME, REŇ KYLAR JAHAN PEYDA»
07 Apr 2026 33 gezek görüldi
«GELSE NOWRUZ ÄLEME, REŇ KYLAR JAHAN PEYDA»

    Bereketli türkmen topragynda ýokary ruhubelentlik bilen garşylanyp, uludan toýlanylýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni öz gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Ol il agzybirli gini, jebisligini ähli aýdyňlygy bilen görkezýän naýbaşy baýramlarymyzyň biridir. Bu gadymy baýramçylyk mazmun taýdan baýlygy, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Nowruzda tebigat gyş ukusyndan oýanyp, joşgunly durmuşyň täzeden möwç urup başlaýandygyny buşlaýar. Daragtlar janlanýar, olaryň şahalary hem ýaşlygyň, ýaşaýşyň reňki bolan ýaşyl reňki saýlap alýar.

    Gözýetmez ýaýlalarymyzyň ýaşyl begrese bürenip, gül-gülälekli sähralarymyzda saýrak guşlaryň hoş owazynyň owlak-guzularyň naşyja sesleri bilen özboluşly sazlaşyk tapýan bahar paslynyň läle-reýhana beslenen gözel görki her bir ynsanyň kalbyna ylham-joşgun berýär. Şeýle gözelligi wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek.

    Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni şatlyk-şowhuna beslenýär. Ata Watanymyzda şular ýaly toýlary tutmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagy dileg edilýär.


Nurbibi ÖWEZOWA,

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy,

 ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.