04 Mart 2026 15 gezek görüldi
Yene bahar geldi, açyldy güller,
Äleme jan girip, saýrar bilbiller.
Arzuwdan pürepür nurly köňüller,
Ganatlanýar, ylham joşýar sil bilen.
Yaşyl dona büräp dagy-düzleri,
Meýdan keşdelener gelse ýazlary,
Seýle çyksa, türkmenimiň uzlary,
Şahyrlar wasp eder zyban-dil bilen.
Salkyn şemal diýýäs sähraýy ýele,
Gökden nur seçelär, dolar ol köle.
Bereket bolup yagyandyr ol pele,
Dünýä şöhle saçar şeýle hal bilen.
Daglar başyn diräp ak bulutlara,
Çeşme-çaylar suwdur seleň otlara.
Ganat berer taýçanak hem atlara
Bedewler çapyşar ýüpek yol bilen.
Bahar―yşk döredýär her bir göwünde.
Arzuwlar gül açýar seýil bagynda.
Ylhamyň nur saçýan tämiz çagynda,
Dünýä mähir çaýar ýagsy päl bilen.
Läle HOJAGURBANOWA,
Balkan welaýat yörite sungatmekdebiniň mugallymy.

