Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Bitaraplyk ýörelgesiniň sungatdaky keşbi

Baş sahypa/Hünär taýýarlygy/Bitaraplyk ýörelgesiniň sungatdaky keşbi
10 Dek 2025 14 gezek görüldi
Bitaraplyk ýörelgesiniň sungatdaky keşbi

10.12.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher çagalar çeperçilik mekdebinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň mugallymy Göwher Garryýewa Surat eserleriniň Sergisini gurnady. Surat eserleriniň Sergisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň 30 ýyllyk baýramçylygyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk dabarasyna bagyşlanyldy.

    Dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň mugallymy Göwher Garryýewanyň öz ýolbaşçylygyndaky “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyplarynyň hem Surat eserleri hem görkezildi.

    Sergide sungatyň inçe tilsimlerini beýan edýän eserler tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ähli ýerine ýetirilen suratlarda hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, halklaryň agzybirligi, mizemez söýgi ussatlyk bilen beýan edildi.

    Dabara gatnaşyjylar sungat eserleri halkyň arasynda giňden ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Serdarymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.